TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI DABARALARA GATNAŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI DABARALARA GATNAŞDY



7-nji aprelde tutuş ýurdumyzda, şol sanda täze Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi. Olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.