Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Prezidenti Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy



Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletleriň Baştutanlary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem taraplar halkara we sebitara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşdylar.