UÇURYMLARA AK ÝOL!


UÇURYMLARA AK ÝOL!



Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylar. Olar mekdep ýyllarynda özlerini yzygiderli kämilleşdirip, köptaraplaýyn bilim aldylar. «Soňky jaň» dabaralarynyň Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde bellenilip geçilmegi ýaşlaryň baýramçylyk joşgunyny has-da artdyrýar. Muny düýn paýtagtymyzdaky «Ak şäherim Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk konserti hem aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Medeniýet, Bilim ministrlikleriniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guran dabarasynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň belent joşgunynyň üstüni ýetirdi.

Dabaranyň arzyly myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzyň çäginde hem-de halkara derejeli olimpiadalardyr ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan uçurymlaryň bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Soňky jaň» dabarasy Aşgabat şäheriniň gününiň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar. Munuň özi paýtagtymyzyň bilimleriň, ýaşlygyň şäheridigini hem alamatlandyrýar. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda tapawutlanan uçurymlary sylaglamak dabarasy boldy.

Şu ýyl paýtagtymyz boýunça 2022-2023-nji okuw ýylynda 9 müň 876 sany uçurym umumybilim edaralaryny tamamlaýar. Ýaşlaryň Ahal welaýaty boýunça 10 müň 271-si, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 132-si, Daşoguz welaýaty boýunça 17 müň 342-si, Lebap welaýaty boýunça 19 müň 295-si, Mary welaýaty boýunça 17 müň 966-sy orta mekdepleriň uçurymlary bolar.

Ýaşlaryň mekdepde eýe bolan bilimleri olara saýlap alan hünärlerini ele almakda uly ýardam eder.

Olar üçin täze, özbaşdak durmuş ajaýyp döwürde — döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda ägirt uly taryhy özgertmelere beslenen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanýar. Dabarada ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmegi babatda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

Türkmenistan gazeti.