Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi



4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene-de bir kitaby ýazyp, tamamlandygyny aýtdy. Bu kitap «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyryldy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýolumyzy kesgitledi. Biz ony «hemişelik Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabyň gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirip, bu eseriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna sowgat boljakdygyny belledi.