Dostlugy berkiden saz dili


Dostlugy berkiden saz dili



Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň çelgisi bolan parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün döwrümiziň binýady bolup dünýä dolýar. Dünýäniň ähli ýurtlarydyr halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň wajyp görnüşi hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn orun berilýär. Dostluk, doganlyk gatnaşyklary hem dabaralara beslenip, baýram edilip geçirilýär. Ynha ýakynda medeni gatnaşyklaryň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyza Ýaponiýa döwletinden sazandalarynyň wekiliýeti myhmançylykda boldular.

Şu mynasybetli konserwatoriýanyň kakylyp çalynýan saz gurallary hünäriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taýýarlan dabaraly konsertine tomaşa edip we öz gezeklerinde myhmanlarymyz özleriniň milli üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bilen tanşdyryp, tanymal sazlaryny ýerine ýetirdiler. Ýapon saz gurallarynda çalnan sazlar konserwatoriýamyzyň talyplarydyr mugallymlaryna ýapon milli sazlarynyň üýtgeşik dünýäsini açyp görkezdi. Iki halkyň gadymy saz sungaty bilen tanyşlyk konsertiň esasy maksady boldy.

Şunuň ýaly dost-doganlyk gatnaşyklary bilimimizi artdyrmaga, öz hünärimiziň ussady bolmaga uly ýardam berýär.

Dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.



Güljemal DURDYÝEWA.