Uçurumlaryň döwlet synaglary


Uçurumlaryň döwlet synaglary



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadag Prezidentimiz talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, olaryň öz hünärlerinden oňat baş çykaryp bilýän hünärmenler bolmaklary ugrynda uly mümkinçilikler döredip berýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Hor dirižýorlygy» we «Orkestr dirižýorlygy» hünärlerini tamamlaýan talyp ýaşlaryň döwlet synaglary geçirildi. Döwlet synagynda uçurym talyplar Aýjemal Rozyýewa, Güläýym Mämmedannaýewa, Berdinazar Çaryýew, Aýna Orazsähedowa, Şirin Rozyýewa, Meýlis Hojaýew, Jeýhun Jumaýew dagylar okuw döwründe öwrenen dirižýorlyk sungatynyň aýratynlyklaryny görkezmäge çalyşdylar. Geçen bäş okuw ýylynyň dowamynda olar diňe bir türkmen aýdym-saz sungatyny öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň eserlerini hem ussatlarça ýerine ýetirmekligi öwrendiler. Döwlet synagyny alýan halypalar talyp ýaşlaryň başarnyklaryny olaryň bu saz sungatynyň inçeligini düýpli öwrenmäge çalyşandyklaryny, gelejekde zähmet ýolunda olaryň öz hünärlerinden bökdençsiz baş alyp çykyp biljek hünärmenlerdigini belläp geçdiler.
Döwlet synagynyň dowamynda talyp ýaşlar halypa mugallymlaryna sungatyň aýratynlyklaryny inçelik bilen öwredendikleri üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler. Uçurumlar we döwlet synagyna gatnaşyjylar halypa-şägirtlik gatnaşygyny dikledip beren sungatymyzyň Hak howandary, Arkadag Prezidentimize çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.