«Ýaşlyk» we «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymlary Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer


«Ýaşlyk» we «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymlary Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer



Türkmen telewideniýesiniň «Ýaşlyk» we «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymlary Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer. Bu barada Aşgabatda bu çempionata bagyşlanyp geçirilen mediaforumda habar berildi.

Duşuşyklary, esasan, «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň kommentatorlary teswirlär. Olara kömekçi hökmünde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 39-sy taýýarlanyldy. Türkmen telewideniýesi duşuşyklary türkmen dilinden başga-da, rus we iňlis dillerinde-de teswirlemegi maksat edinýär.

Türkmenistanda iri sport baýramçylyklaryny göni ýaýlymda teswirlemek boýunça baý tejribe toplanyldy. «Mawy ýaýlym» bilen bir hatarda duşuşyklara «Berkarar» we «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezlerinde döredilen janköýer zolaklarynda hem tomaşa edip bolar.