Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy


Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy



Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Ýagny Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 17-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň halkara abraýynyň ýokarydygyna şaýatlyk edýän bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna berk jan saglyk, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyna 2023 — 2027-nji ýyllar üçin saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap:

— Biz muňa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris — diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.