Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady


Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň şanly 100 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Gahryman Arkadagymyz uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigini nygtap, onuň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkiýe Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.