TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI



17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda öňde duran wezipeler hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasy işler, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.