Sport — sagdynlygyň gözbaşy
Hereket saglygyň sakasy, sagdynlygyň gözbaşy hasaplanýar. Adam bedenine fiziki maşklaryň aýratyn ähmiýetlidigi hemmelere mälimdir. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işeňňirligini artdyrýar, ruhuny belende göterýär. Bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan her bir adam öz şahsy mümkinçiliklerini, bedeniniň özboluşlylygyny nazara almak bilen, maşklaryň ýönekeýinden has çylşyrymlylaryna geçmegi başarmaly.
Çendenaşa aňsat we ýeňil maşklaryň garaşylýan netijeleri bermeýän ýagdaýy bolýar, özüňe aşa agram we zor salyp maşklary ýerine ýetirmek beden üçin zyýanlydyr. Şoňa görä, türgenleşigi bedene düşýän agramy sazlaşdyryp geçirilmeli.
Her bir adam özüne laýyk gelýän sportuň görnüşini saýlap almaly. Fiziki maşklar bedene diňe bir syrdamlylyk bermek bilen çäklenmän, eýsem işden, okuw sapaklaryndan soňky ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Şeýle-de, bedeniň çeýeligini, el-aýak myşsalarynyň işjeňligini, ganaýlanyşygyny sazlaşdyrýar.
Fiziki maşklary ýerine ýetirmek endigi bedeniň, aýratyn-da el-aýak, döş hem-de arka çiginleriniň tiz berkemegine kömek berýär, dogry dem almagy, beden ukybynyň başarjaňlygyna görä hereket etmegi öwredýär. Adamyň bedeniniň fiziki taýdan taýýarlygyny üpjün edýän hereketleri ýerine ýetirmegiň ähmiýeti uludyr.
Esasan, irki maşklar, pyýada ýöremek adam bedenini taplaýar. Pyýada ýörelende aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ökjesi pes bolmalydyr, daban süňklerine ýeterlik agram düşmelidir.
Maşklar ýerine ýetirilen wagty çalasyn herekete we kadaly dem alşa gözegçilik etmeli. Olar biri-birinden ýaş aýratynlyga görä tapawutlanýar. Kiçi ýaşly çagalar üçin oýun bilen baglanyşykly maşklar ähmiýetlidir. Olar çaga bedeniniň sagdynlygy üçin peýdalydyr, şeýle oýunlar çagalarda ünslüligi ösdürýär.
Köpugurly maşklary gündelik durmuş endigiňize öwrüp bilseňiz, özüňize bolan ynamyňyz artyp, saglygyňyz berkär.
Tatýana Malahowa