Online okuw sapagy


Online okuw sapagy



Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň ýörite sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda Amerikanyň birleşen ştatlarynyň «REVOICED» topary bilen wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Amerikanyň birleşen ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasyna döredip beren mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk sözleri beýan etdiler. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw sapagynda «REVOICED» toparynyň agzalary öz toparlarynyň döreýişi, ýerine ýetirýän aýdym-saz eserleri dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Online okuw sapagynyň dowamynda tanymal «REVOICED» topary birnäçe konsertlerinde ýerine ýetiren aýdymlarynyň wideo-şekillerini görkezdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda online konsert guraldy. Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera hor topary, «Bagtyýarlyk nagmalary» akapella topary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hor topary, Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň «Bibijan» akapella topary, Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň akapella topary, Mary welaýatynyň Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň akapella topary, Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň akapella topary, Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň «Owaz» akapella topary türkmen kompozitorlarynyň hor üçin döreden milli eserlerinden ýerine ýetirdiler. Şeýle-de saz sungaty bilen içgin gyzyklanýan türkmen talyplar sorag-jogap alyşdylar.
Online okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeni dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin mümkinçilikleri döredip beren Mähriban Arkadagymyza alkyş aýtdylar.

Gülzada GULDURDYÝEWA