Milli mirasa belent sarpa
Düýn ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ir säher bilen «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly çärä medeniýet we sungat ussatlary, senetçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän daşary ýurtly myhmanlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Sungatyň we medeniýetiň halklary ýakynlaşdyrýan ruhy güýçdügi gojaman taryhyň şöhratly sahypalarynda ençeme gezek subut edilen hakykatdyr. Dünýä ýurtlary bilen şeýle medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda möhüm işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu aýdylanlaryň nobatdaky subutnamasyna öwrülen şu gezekki halkara ähmiýetli festiwala Gazagystan, Özbegistan, Eýran, Türkiýe, Latwiýa döwletlerinden senetçilik we amaly-haşam sungatynyň ussatlary gatnaşýarlar. Açylyş dabarasynyň sungat ussatlarynyň we meşhur estrada ýyldyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi.
Halkara festiwalynyň çäginde dürli medeni çäreleriň giň toplumy meýilleşdirildi. Günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen we daşary ýurtly senetçileriň işleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Soňra oňa gatnaşyjylar Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly türkmen kinofilmine tomaşa etdiler.
Halkara festiwalynyň dowamynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat, döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary geçiriler. 3 günläp dowam etjek halkara festiwaly 14-nji oktýabrda dabaraly ýagdaýda jemleniler.
«Aşgabat».