Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty


Ýaş sazşynaslaryň ylmy-amaly maslahaty

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hepde boýunça her kafedranyň hepdelikleri yzygider nobatma-nobat geçirilip gelinýär. Hepdeliklerde esasan, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragy bilen bagly konsertler, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklar yzygider geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde «Ýaş sazşynas – 2024: Saz ylmynyň wajyp meseleleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahata konserwatoriýanyň mugallymlary, ýaş sazşynaslary işjeň gatnaşdylar. Ýaş sazşynaslar özleriniň prezentasiýaly, gyzykly toplan maglumatlary bilen çykyş etdiler. Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri Ş.T.Annagylyjowanyň giriş sözi bilen başlandy.

Giriş sözünden soň «Türkmen kino saz sungatynda Magtymgulynyň keşbi» temasy boýunça konserwatoriýanyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Selbi Akgaýewa çykyş etmek nobaty geldi. Maslahatyň dowamynda «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Meretgulyýewa «Günbatar Ýewropa ýurtlarynda teatr sungatynyň döreýşi», «Sazşynaslyk» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň goşgusyna ýazan «Uýat eýleýir» romansynda sözüň we heňiň arabaglanyşygy, 5-nji ýyl talyp Güljemal Durdyýewa Suhan Tüýliýewiň instrumental döredijiliginde halk sazynyň ulanylyşynyň usullary barada, 5-nji ýyl talyp Aýjemal Öwezowa «Magtymguly Pyragy – umumadamzat şahyry», 3-nji ýyl talyp «Oskar baýragy we kompozitorlyk döredijiligi», 2-nji ýyl talyp Taganbibi Durdyýewa Türkmen saz ylmynda W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň «Türkmen sazy» atly ylmy işiniň ähmiýeti, 3-nji ýyl talyp Humaý Amanowa «Nury Halmämmedowyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasynyň beýan edilişi» atly işleri bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda ähli çykyş eden talyplara, tomaşa edenlere sag bolsun aýdylyp, öz saýlap alan hünärlerinde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.

Şeýle ajaýyp konsertleriň, festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygider geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini kämilleşdirmekde, höweslerini has-da artdyrmakda uly itergi berýär.

Arzuw AŞIROWA