SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
Gündelik iýip-içýän önümlerimiziň kadaly bolmagy bedeni gurplandyrýar we dürli ýokançlaryň öňüni almaga kömek edýär. Iýýän iýmitlerimiziň düzüminde mikroelementleriň, witaminleriň, aminoturşularyň, ýaglaryň, fermentleriň bolmagy saglyk üçin peýdalydyr. Nädogry iýmitlenilende bu maddalaryň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Käşir, kädi ýeterlik ulanylanda, bedende karotin köpelip ugraýar. Balyk, şokolad, ýertudana, hozuň käbir görnüşleri, sitrus miweleri hem saglyk üçin peýdalydyr.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, bejermekde eziz Diýarymyzyň topragynda ösýän dürli ösümlikleriň peýdasy uludyr. Itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi kada öwürmeli. Şeýle hem, gök we bakja önümlerinden netijeli iýmitlenmeli. Her gün irden beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi ganaýlanyşa, iýmit siňdirişe has oňyn täsir edýär. Daşarda açyk howada gezim etmek saglyk üçin has peýdalydyr. Daşarda gezim edende, adam özüni şähdaçyk duýýar. Zähmet işjeňligi artýar.
Şonuň üçin maşklary dogry berjaý edip, durmuş kadamyza öwürmeli. Adam näçe köp hereketde bolsa, onuň ömrüniň dowamlylygy-da uzak bolýar. Wagtynda alnan uky beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar, kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar we adam özüni has oňat duýýar. Zähmeti dynç alyş bilen utgaşdyrmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ýüze çykýan käbir möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin gyzyl burçly unaşy içmek maslahat berilýär. Gyzyl burçuň düzümindäki peýdaly maddalar bedeni taplaýar.
Umuman, kadaly iýmitlenip, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ynsan saglygynyň ilkinji şertidigini unutmalyň!
Maýagül Garajaýewa