Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi


Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi



15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň hem-de ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, hukuk tertibini pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunlaryny kämilleşdirmegi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda dowam etmegiň möhümdigini belledi we kabul edilýän kanunlaryň döwletiň içeri we daşary syýasatynyň meselelerini anyk kesgitlemelidigini nygtady.

Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenýän teklipler, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň puda¬larynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýtdy hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurduň dükanlarynda we bazarlarynda ilatyň azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.