«HATYRA» KITABYNYŇ TÄZE NEŞIRI


«HATYRA» KITABYNYŇ TÄZE NEŞIRI



«Hatyra» kitabynyň IV jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşirinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle hem dereksiz ýiten watandaşlarymyz hatyralanýar. Bu taryhy-resminamalaýyn kitap söweşjeň we durmuş edermenligi häzirki we geljekki nesiller üçin gaýduwsyzlygyň hem-de watançylygyň nusgasyna öwrülen türkmenistanly esgerlere bagyşlanýar.

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna gabatlanylyp çap edilen neşir Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli gutlagy bilen açylýar.

«Hatyra» kitabynyň IV jildiniň täze neşiri Lebap welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Giriş makalasynda watandaşlarymyzyň gaýduwsyzlygy we ruhubelentligi, tylda zähmet çekenleriň edermenligi barada gürrüň berilýär.

Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýurdumyzyň gündogar sebitinden 21086 adam Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolupdyr we dereksiz ýitipdir. Bu kitapda dereksiz ýiten we söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojaklaryna gaýdyp gelmedik lebaply esgerleriň sanawlary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, uruş ýyllarynda ýazylan goşgular, şeýle hem Lebap welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlikleriň suratlary ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Hatyra» kitabynyň IV jildi giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.