Türkmen milli konserwatoriýasynda hepdelik geçirildi


Türkmen milli konserwatoriýasynda hepdelik geçirildi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bu ýokary okuw mekdebiň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Hepdelik «Dil — dünýä medeniýetiniň ýol kartasy» atly serginiň gurnalmagy bilen başlandy. Sergide talyplar türkmen, rus, iňlis, pars dillerinde degişli esbaplary, milli tagamlary görkezdiler. Şeýle-de her ýurduň däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar. Her ýurduň dilinde goşgular, aýdymlar ýerine ýetirdiler.

Soňra hepdeligiň açylyşy mynasybetli «Dostluk ýaňy» atly konsert geçirildi. Konsertde ýokary okuw mekdebiň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirilmeginde dost-doganlyk aýdymlary ýaňlandy.