Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçiriler


Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisi geçiriler



Şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary — 2023» atly döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçiriler.

Her ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik sergisiniň nobatdaky tapgyry beýleki sergilerden düýpgöter tapawutlanýar. Bu ýylky geçirilýän döredijilik sergisi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarydyr talyp ýaşlarynyň bu ýylky döredijilik sergisine taýýarlan nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, keramika, halyçylyk sungatynyň eserleri Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly. Dürli görnüşdäki eserlerde akyldar şahyryň keşbi, onuň döredijiligi, umumadamzat gymmatlygyna goýýan sarpasy giňişleýin beýan edilýär.

Mundan başga-da, döredijilik sergisinde binagärlik we dizaýn ugurlarynda ýerine ýetirilen täze işler we taslamalar sergä gatnaşyjylara görkeziler. Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy bolan keşdeçilik sungatyndan söz açýan, milli keşde nagyşlary bilen bezelen türkmen gelin-gyzlarynyň hem lybaslarynyň görkezilişi guralar.

Ýaş sungaty öwrenijileriň taýýarlan ylmy işleri, görnükli suratkeşleriň ömri we döredijiligine bagyşlap taýýarlan kitaplarydyr albomlary hem sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreder.

Bir aý dowam etjek döredijilik sergisi sagat 15:00-da başlanar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň we talyp ýaşlarynyň «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisi 2016-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär.