Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynda saparda bolar


Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynda saparda bolar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, hasabatynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hem aýtdy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz, şunuň bilen baglylykda, öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan, däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.