FOTOSURATÇYLARYŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


FOTOSURATÇYLARYŇ DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY



24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Kokant şäheriniň 2022-nji ýylda «Türki dünýäniň jahankeşdelik paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde «Kokant türki fotosuratçylaryň obýektiwinde» diýen at bilen türki döwletlerden we synçy döwletlerden fotosuratçylaryň tanyşlyk syýahaty öz işine başlady. Şäheriň «Türki dünýäniň jahankeşdelik paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda bu döredijilik forumy uly orna eýe. Ol türki döwletlerden hem-de synçy döwletlerden bolan fotosuratçylaryň Kokandyň taryhy ýadygärliklerini, şu günki gözel künjeklerini fotoşekilleriň üsti bilen wagyz etmek maksadyndan ugur alýar. Ýokary derejede taýýarlyk görlen döredijilik çäresine Türkmenistandan hem iki wekil bolup gatnaşmak bagty paýymyza düşdi.

Özbegistan Respublikasyna döredijilik saparymyzyň birinji güni Daşkent şäheriniň gözel ýerlerine aýlanyp görmekden başlandy. Daşkent şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähine gezelenjiň guralmagy biziň üçin has-da ýakymly boldy. Ýakynda Özbegistanyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda paýtagtymyzyň iň gelim-gidimli künjekleriniň birinde «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasy bolupdy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň we Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary meňzeş bolan iki doganlyk halkyň döwletara medeni-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.

Düýn, ýagny 26-njy oktýabrda türki döwletlerden hem-de synçy döwletlerden gelen döredijilik toparlary gadymy Kokant şäherine baryp gördüler. Tanyşdyrylyş syýahatynyň dowamynda Kokandyň gözel künjeklerine, medreselerine, ekologik jahankeşdelik zolaklaryna, belli şahsyýetleriň öý-muzeýlerine baryp, olaryň fotoşekillerini düşürdiler. Şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, fotosuratçylarynyň brifingleri, pikir alyşmalary geçirildi.

«Kokant türki fotosuratçylaryň obýektiwinde» atly döredijilik forumy 30-njy oktýabra çenli dowam eder.

Meretdurdy ROZYÝEW.

Ilaman ÇÜRIÝEW.

Kokant şäheri.