Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: Innowasiýalar—ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň binýady


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: Innowasiýalar—ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň binýady

Milli Liderimiz saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça maslahat geçirdi



8-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylmyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.