TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK



8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine enesiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de täjik halkynyň adyndan ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirdi. Prezident Emomali Rahmon Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň Watana, mähriban ojaga wepaly maşgalanyň sütüni hem-de mertebesi hökmünde ýaş nesiller üçin nusga bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine, Gahryman Arkadagymyza we olaryň ýakynlaryna şu kyn pursatda durnuklylyk arzuw etdi.