Aşgabatda Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy sergisi geçiriler
Şu ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda häzirki wagta çenli döredýän döwrebap eserleri bilen giňden tanalýan zehinli suratkeşleriň biri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň ussat mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy ýubileý sergisi açylar.
Sergä gatnajak myhmanlar sergide dowamynda suratkeşiň döredijiligine mahsus haşamlylygy, döwrebap çeperçilik äheňleri özünde jemleýän natýurmortlary, gözel türkmen tebigatyny şahyrana wasp edýän peýzažlary, şeýle-de ata-babalarymyzyň miras galan gymmatlyklary açyp görkezýän nakgaş eserleri, tematiki sahnalary şöhlelendirýän täze eserleri synlap bilerler.
Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy sergisi 15:00-da açylar.