Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi



30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldylar.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. Ol 2021-nji ýyly «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýär.

Şeýle hem milli parlamentiň Başlygy geljek ýylyň nyşanynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenilýän taslamasynyň yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alnandygyny habar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemledi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, her ýyl bir şygary yglan edýändigimizi, şol şygaryň hem öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýaňy beren maglumatyna görä, deputatlar we halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady.
Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda milli Liderimiz geljek 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda ähli çäreleriň, şol sanda binalary we desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek boýunça çäreleriň eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu gezek Täze ýyl baýramynyň anna gününe düşýändigi sebäpli, ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 2020-nji ýylyň Türkmenistan üçin taryhy ähmiýetli wakalara baý bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamynyň ähli düzümlerinde ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has ähmiýetli boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, geljek ýylyň şowly bolmagyny, Täze ýylyň täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmegini arzuw etdi we hemmeleri ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady.