“EKSPO — 2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI GEÇIRILDI


“EKSPO — 2020” BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI GEÇIRILDI



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy

9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Dubaý ugry boýunça uçuşy amala aşyrandan soň, iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini BAE-niň energetika ministri Suhail Mohamed Al Mazrui garşylady. Ol öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli, göwnaçyklyk bilen mübärekledi.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden çykyp, “EKSPO — 2020” sergi toplumyna ugrady.
“EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiz giň gerimli foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda onuň birleşdiriji ähmiýetini belledi hem-de Bütindünýä sergisine gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenip, olaryň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de BAE-niň Hökümetiniň resmi wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Dubaý şäheriniň Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gelip, şol ýerden Aşgabada ugrady.