ARASSAÇYLYK — SAGLYGYŇ GIREWI


ARASSAÇYLYK — SAGLYGYŇ GIREWI



Arassaçylyk düzgün-kadalaryny berjaý etmek hemmeler üçin möhümdir. Iýip-içmezden ozal ýa-da daşardan geleniňizde, elleriňizi sabyn bilen ýuwuň!
Her gün irden we agşam dişleriňizi arassalaň! Her gün sabyn we ýyly suw ulanmak arkaly suwa düşmeli. Suwa düşeniňizden soň, arassa egin-eşik geýmeli. Kesekiniň egin-eşigini geýmeli däl. Geýjek egin-eşikleriňiz ýuwlandan soň ütüklenmelidir. Munuň özi hem arassaçylygy, hem tertipliligi aňladýar.
Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerlerde arassaçylygyň düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň üstünden suw akydyp ýuwmaly.
Diňe arassa agyz suwy ýa-da gaýnadylan suwy içmeli.
Dürli keselleri dörediji mikroblaryň ýaýramagyna ýol bermeli däl. Şonuň üçin nahar bişirilýän we beýleki otaglary çalt-çaltdan arassalap durmaly.
Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli: gowy ukyňy almaly, dogry iýmitlenmeli hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Elleriňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly.
Burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly.
Otaglary ýelejiredip durmaly, arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmaly.
Düzüminde C witaminini saklaýan önümleri (limon, sogan, sarymsak we beýlekiler) köpräk iýmeli. Pasla görä geýinmeli, agyz-burun örtügini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.
Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda almaly!

Leýla Tagiýewa