Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistan we Katar medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar



Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedowyň Kataryň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassim bin Hamad Al Tani bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini, hususan-da, medeniýet ugryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekligiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katarda saparda bolmagynyň çäklerinde Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada hem durlup geçildi.