Gözel bardyr gözellerden zyýada


Gözel bardyr gözellerden zyýada

«Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň beýik ösüşlere beslenýän günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde toýlar baýramlar giňden dabaralanýar. Bu günki gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan etmekliginde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, «Talyp gözeli-2024» atly gözellik bäsleşigi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirildi.

Bu bäsleşige her fakultetden bir talyp gözeli gatnaşdylar. Olar yhlasly, ýokary ruhubelentlik bilen, ýurdumyzyň ösüşini, gözelligini, ýylyň şygaryny joşgunly dabaralandyryp çykyş etdiler. Talyp gözeller Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz ýürek buýsançlaryny özleriň joşgunly adym-sazlarynda beýan etdiler.

Tapawutlanan talyp gözeline, emin agzalary tarapyndan ýokary baha berilip, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli-2024» jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, döwlet, umumyadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!



Aýgül ÝAGŞYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti