Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý X sammitinde 12 sany resminama gol çekildi


Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý X sammitinde 12 sany resminama gol çekildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň Astana şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý X sammiti geçirildi.

Sammite Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem-de TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew dagy hem gatnaşdylar.

Sammitiň jemleri boýunça 12 sany resminama gol çekildi. Olar şulardan ybarat:

Astana kararnamasy (akty);

Türki döwletleriň guramasynyň X sammitiniň jarnamasy;

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi «Türki dünýäniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak hakynda döwlet Baştutanlarynyň karary;

Türki dünýäniň maliýe merkezi derejesini bermek barada döwlet Baştutanlarynyň karary;

Türki döwletleriň guramasynyň täze baýdagyny döretmek hakyndaky karar;

Döwlet Baştutanlarynyň wezipä bellemek baradaky karary;

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna Türki döwletleriň guramasyna synçy derejesini bermek baradaky karar;

6-njy fewraly tebigy betbagtçylyklarda pida bolanlary hatyralamak we Türki döwletleriň guramasynda raýdaşlyk güni hökmünde tassyklamak baradaky karar;

Türki döwletleriň guramasynyň Sekretariatynyň býujet dolandyryş düzgünleri baradaky karar;

«Türki döwletleriň guramasynyň hemişelik wekilleri hakyndaky Düzgünnamany» işläp düzmek barada karar;

Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriniň meterologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekleri baradaky teswirnama;

2023 — 2027-nji ýyllar üçin Ulag-aragatnaşyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Türki döwletleriň guramasynyň Bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasy (Ýol kartasy).