Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelip gowuşýar.



Döwlet Baştutanymyza “Buig” fransuz kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig, “Buig” kompaniýasynyň baş direktorynyň telekommunikasiýalary ösdürmek, korporatiw durmuş jogapkärçiligi we innowasiýalar boýunça orunbasary, “Buig Telekomyň” ýolbaşçysy Edward Buig, Owganystanyň “Venco Imtiaz Construction Co.” gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ustad Rahimullah Şahsawar, Owganystanyň Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary, “Yama Petrol Co. LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Saýid Karim Haşimi, Türk-Türkmen işewürler geňeşiniň başlygy Mahmut Er çuňňur gynançlaryny we medet beriji sözlerini beýan etdiler.

Ogulabat eje baradaky nurana ýatlamalar biziň kalbymyzda hemişelik saklanar diýlip, gynanç hatlarynda bellenilýär.



Türkmenistan gazeti.