Bagtyýarlyk eýýamynda çagalar saz terbiýesi atly ylmy usuly maslahat geçirildi


Bagtyýarlyk eýýamynda çagalar saz terbiýesi atly ylmy usuly maslahat geçirildi



Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýeti we sungaty uly ösüşlere beslenýär. Talyp ýaşlara halypa-şägirtlik gatnaşyklary arkaly öz hünärlerinden ýokary derejede baş çykaryp bilýän ýaşlar edip taýýarlamak dogrusynda döwlet ähmiýetli uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Bagtyýarlyk eýýamynda çagalar saz terbiýesi» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahata Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň aýdym-saz mugallymlary we konserwatoriýanyň şu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlaýan «Saz mugallymy» kafedrasynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş eden ussat tejribeli mugallymlar mekdep okuwçylaryna aýdym-saz terbiýesini bermegiň, aýdym-saz gurnaklaryny alyp barmagyň pursatlaryny hakyndaky gyzykly gürrüňleri we degerli maslahatlaryny berdiler.
Ylmy-usuly maslahatyň dowamynda okuw-usulyýet merkeziniň hünärmenleri çagalar saz terbiýesinde degişli kitaplaryň, usuly gollanmalarynyň, audio-wideo ýazgylarynyň sergisini gurnadylar.