TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ DÜZÜMLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAGYŇ TÄZE TASLAMALARY BILEN TANYŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ DÜZÜMLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAGYŇ TÄZE TASLAMALARY BILEN TANYŞDY



10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda dürli täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, şeýle hem käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň hem-de “Buig Türkmen” kompaniýasynyň wekiliniň hasabatlaryny diňledi.