Gün şöhlesiniň täsiri


Gün şöhlesiniň täsiri



Hormatly adamlar! Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň we döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň. Günüň ýiti şöhlesinden goranyň, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý ediň, elleriňizi hemişe arassa saklaň!
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň birinji jildinde peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy hem-de onuň ulanylyş aýratynlyklary, tebigy gory hakynda giňişleýin maglumatlar beýan edilýän üzärlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Üzärligi wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýratmagyň özi birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almaga ýardam berýär we adamlaryň bedeniniň kesele garşy göreşijiligini berkidýär. Ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäpli, üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýankeşleriň gaçýandygy ylmy taýdan subut edildi.
Öýde we iş ýerleriňizde wagtal-wagtal üzärlik tütedip durmagy ýatdan çykarmaň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.