Ulag – Kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi – döwrüň möhüm talaby


Ulag – Kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi – döwrüň möhüm talaby



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Bu ugurdaky, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlykda işjeň orun eýelemek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär hem-de sebit, yklymüsti derejedäki köpşahaly bitewi ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar.

Türkmen tarapynyň başlangyçlary boýunça birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegini görkezmek bolar. Bu senäniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilik başlangyçlary bilen yzygiderli ösüş häsiýetine eýe bolup, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, sebitiň möhüm söwda, iri üstaşyr ulag we dünýä ähmiýetli telekommunikasiýa ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Watanymyzyň ulag-aragatnaşyk pudagy hem ösüşiň belent sepgitlerine ýetýär.