Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi



27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere we bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýändigini belledi.
Häzirki döwürde giňden we dabaraly bellenilýän bu baýram ýurdumyzyň edermen harby gullukçylaryna we harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine bildirilýän hormatyň, olar hakyndaky yzygiderli aladanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes harby kasama wepaly Watan goragçylary döwlet Garaşsyzlygyny, serhet eldegrilmesizligini we konstitusion gurluşy goraýarlar. Şunlukda, kanunçylyk we hukuk tertibi, adamlaryň we her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň kanuny bähbitleriniň, şeýle hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitleriniň goragy üpjün edilýär.