BALKAN WELAÝATYNYŇ MAGTYMGULY ETRABYNDA SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SIMPOZIUMYNA BADALGA BERILDI


BALKAN WELAÝATYNYŇ MAGTYMGULY ETRABYNDA SURATKEŞLERIŇ DÖREDIJILIK SIMPOZIUMYNA BADALGA BERILDI



Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda suratkeşleriň arasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» atly döredijilik simpoziumyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň hünärmeni habar berdi.

Oňa balkanly tanymal halypa suratkeşler, şeýle-de zehinli ýaşlar Annadurdy Hojaýew, Sylap Meretjäýew, Begenç Berkeliýew, Maksat Hudaýberdiýew, Wepa Gurdow, Ahmet Hallyýew, Işanguly Işangulyýew, Perhat Işangulyýew, Röwşen Çopanow, Ogulnäzik Çopanowa, Gurbandurdy Tekäýew, Mähriban Begenjowa, Şöhrat Berdiýew, Çary Hümmedow gatnaşyp, welaýatyň gözel tebigatynyň ajaýyp görnüşlerini şekillendirýän eserlerini dörederler.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlarynda, awgust aýynda bolsa Lebap welaýatynda şular ýaly döredijilik simpoziumlarynyň ikisi guraldy.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda geçirilýän döredijilik simpoziumy 15-30-njy sentýabr aralygynda dowam eder.