Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinden


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinden



3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.
Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi, Prezident maksatnamalaryny we beýleki meýilnamalary durmuşa geçirmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.