TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERIŇ SAÝLAWÇYLAR BILEN DUŞUŞYKLARY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERIŇ SAÝLAWÇYLAR BILEN DUŞUŞYKLARY



2-nji martda Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

2-nji martda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

* * *

2-nji martda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.