Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy



22-nji martda— baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.
Baharyň nurana günleriniň birinde at taýyň dogulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm şanly seneleriň ajaýyp pursatlar bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi.
Taýçanagyň dünýä inmegi türkmen atşynaslarynyň şatlygyny hem-de behişdi bedewlere bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň özara baglanyşygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýa at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbiniň bardygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.