BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY — 2023-nji ÝYL


BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ ÝYL ÝAZGYSY — 2023-nji ÝYL

Ulag we kommunikasiýa toplumy

«2023-nji ýyl milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen döwri hökmünde Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda işler işjeň alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy bellenilmäge mynasypdyr» diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.