Hormatly Prezidentimiz 9 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi


Hormatly Prezidentimiz 9 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi



5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda, ýurduň medeni-ynsanperwer ulgamlarynda we daşary syýasatynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D,Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz ýurduň kanunçylygyny ösdürmegi we kämilleşdirmegi işjeň alyp barmalydygyny belledi. Munuň döwletiň syýasy ulgamyny kämilleşdirmekde we ykdysadyýeti mundan beýläk-de pugtalandyrmakda nobatdaky işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigi barada aýdyldy.

Soňra mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 9 aýynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, şeýle hem pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýylyň ahyryna çenli geçiriljek uly halkara çärelere, resmi we döwlet saparlaryna, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geljek sişenbe güni – 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýdyp, saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleriniň uly hormata mynasypdygyny nygtady hem-de ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly örän jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.