SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM


SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM



Adamlar ýiti respirator wirus ýokançlaryna we dümewe adatça, möwsüm çalşygynda ýolugýarlar. Möwsümleýin hassalyga köplenç, çagalar, gartaşan adamlar, immunodefisitleriň dürli görnüşleri bronhlar-öýken, böwrek, süýjüli diabet keseli, ýürek-damar ýetmezçiligi bolanlar duçar bolýarlar.
Ýokanjyň geçmeginiň iň köp ýaýrany howa-damjalaýyn görnüşi bolup
durýar. Üsgürilende, asgyrylanda, gürleşilende hassanyň ýa-da wirusy gö-terijiniň burun bokurdagyndan kesel dörediji mikrofloraly, şol sanda wirusly tüýküligiň, nemiň, gakylygyň bölejikleri töwerege syçraýar. Gysga wagt aralygynda hassanyň daş-töwereginde aerozol bölejikleriniň ýokanç zolagy emele gelýär. Wiruslaryň toplanmasynyň derejesi we olaryň howada agramly ýagdaýda galmagynyň dowamlylygy, ilkinji nobatda, aerozol bölejikleriniň göwrümine baglydyr.
Soňrakylary fiziologiki hereketleriň — asgyrmanyň, üsgülewügiň, gürleşmäniň güýji we ýygylygy bilen kesgitlenilýär. Bu maglumatlar dümewlän we ýiti respirator ýokançly hassalar tarapyndan arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar.
Ýiti respirator wirus ýokajynyň we dümewiň has ýygy gaýraüzülmesi öýken sowuklamasy bolup, özi hem kada bolşy ýaly, ikinji bakterial ýokanjy ýüze çykarýar. Has seýrek ýagdaýda, utgaşan ýokanç duş gelýär.
Beýleki dümewden soňra ýygy emele gelýän ikilenç bakterial ýokançlar — rinit, sinusit, bronhit, gulak çişmesi bolup durýar.
Ýürek-damar ulgamy tarapyndan gaýraüzülmeler, adatça, gartaşan ýaşly adamlarda duş gelýär. Miokardit, perikardit (ýüregiň myşsalarynyň çişme keselleri bolup, ol ýürek ýetmezçiligine getirip biler) ýitileşip bilýär.
Ýiti respirator wirus ýokanjynyň we dümewiň ilkinji alamatlary peýda bolanda aşakdakylar zerurdyr:
Düşekde ýatmak we lukman çagyrmak;
Düşek tertibiniň berjaý edilmegi hökmandyr;
Hassanyň ýatan otagyny ýygy-ýygydan ýelejiretmeli we günde 2 — 3 gezek çygly arassaçylyk geçirmeli;
Hassa aýratyn gap-gaç, süpürgiç, bir gezeklik agyz-burun örtügi, bir gezeklik burun elýaglyklary berilmeli;
Lukman tarapyndan bejergi bellenilýän-çä köp suw içmek gerekdir. Öňüni alyş çäreleriniň hatarynda aşakdakylar maslahat berilýär:
Mümkin boldugyndan adamlaryň uly toplumlaryndan gaça durmak;
Köçä çykylanda oksolin melhemi ýa-da wazelin ulanylmalydyr (burun boşlugyna günde 2—3 gezek çalmaly);
Diňe bir elleri däl-de, eýsem, ýüzi hem sabyn bilen yzygiderli ýuwmaly;
Gündelik çygly arassaçylygy etmeli we yzygiderli (her 2 sagatdan) otagy ýelejiretmeli;
Witamin-mineral toplumlary ulanmaly; Sogan, sarymsak iýmeli.
Möwsümleýin ýokançlara garşy göreşilende arassa howada agyz-burun örtükli yzygiderli ýöriş etmek möhümdir.

Toýlymyrat Açylow