Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!


Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!



Arassaçylyk sagdynlygyň girewidir. Şonuň üçin hem arassaçylygy berjaý etmek biziň baş wezipämizdir. Adam mydama hereketde bolýar. Günüň dowamynda biz daş-töweregimizdäki zatlar bilen yzygiderli galtaşýarys. Öýde, ýolda, daşarda, işde, köpçülige çykylanda biziň ählimiziň öý enjamlary, iş serişdeleri, tutawaçlary, mebeli, ykjam telefony, umuman, ellemeli bolýan zatlarymyzyň sany-hasaby ýok. Şol sebäpli elleriň, egin-eşigiň arassa bolmagy, öý we iş ýeriň tämizligi, diş-dyrnaklara, saça wagtly-wagtynda ideg edilmegi şahsy arassaçylygyň esasy şertleridir.
Ellerimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Elleriňi nahar iýmezden öň we soň, daşary çykyp, öýe gireniňde, islendik işiňi edip bolanyňdan soň hökman sabyn bilen ýuwmalydyr. Onuň üçin ilki eliňi ölläp, sabyn çalmalyda, eliň aýasyny, arka tarapyny, barmaklaryň arasyny, şeýle-de bilekleriňi mazaly ýuwmaly.
Daş çykylanda elleriňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr. Ellerini ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýany bilen göterinmegi endik edinen adam bu meseläni aňsatlyk bilen çözer. Ýagny olar serişdäni eline çalyp, mikroblardan goranyp biler. Şeýle-de bu serişdeler bilen ýanyňyzda gündelik göterinýän ownuk-uşak goşlaryňyzy (açar, gaýyş torba, awtobusda ulanylýan ýol karty we ş.m.), ykjam telefonyňyzy hem süpürip bilersiňiz.
Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde, maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagyda hökmandyr. El süpürilýän hem-de hammamdan çykaňsoň, bedeniňi süpürmekde ulanýan süpürgijiň aýry bolmalydyr. Süpürgiçler, elýaglyklar her gezek ýuwlansoň, ütüklenilse talaba laýyk bolar. Süpürgiçler her 2-3 günden çalşyrylmalydyr.
Maşgala agzalarynyň hersiniň öz diş çotgasynyň hem-de daragynyň bolmalydygyny biz çagalykdan bilýäris. Diş çotgalar 3-4 aýdan artyk ulanylmaly däldir. Dişiňi her gün iki gezek: irden, giçlik ýatmazyňdan öň arassalamalydyr. Maşgala agzalarynyň ýaşyna hem-de dişiň, diş etiniň durumyna görä, çotgalaryň ýumşak, ortaça ýa-da gaty görnüşi saýlanylmalydyr. Munda stomatolog lukmanlaryň maslahaty wajypdyr.
Öýüň içini her gün tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly ýelejiretmeli. Penjireleri, tutulary hepdede bir gezek ýuwmak ýeterlik. Ýöne aşhana enjamlary günde-günaşa gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Mebelleri hepdede iki gezek öl esgi bilen tämizlemek ýeterlik. Öýde bar bolan diwanyň tozanyny ilki tozan sorujy enjam bilen arassalamaly, soňra bolsa ýörite ýumşak mebelleri tämizlemek üçin niýetlenen serişdeler bilen süpürmeli. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň!