Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.