Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi



17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz öňde durýan işleriň ileri tutulýan wezipeleriniň üstünde durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň baýram edilmegine degişli meseleleri gozgap, olary degişli derejede guramagy tabşyrdy. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.