Bol hasyl sebitleriň önümçilik kuwwatyny artdyrýar Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary


Bol hasyl sebitleriň önümçilik kuwwatyny artdyrýar
Hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş sapary



16-njy iýunda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolup, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine, ýerlerde döwrebap durmuş ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilen özgertmeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklaýar. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Bossan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň ulagy gallaçy kärendeçi Amanýaz Berdiýewiň ak ekin ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimiz gallaçy kärendeçi A.Berdiýewiň ýetişdiren hasyly, daýhanlar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Ekerançy daýhan maşgala agzalary bilen 21 gektar ýerde bugdaýyň «Hasylly» görnüşini ösdürip ýetişdirendigini, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň utgaşmagy bilen bol hasyl ösdürip ýetişdirendigini gürrüň berdi. Gallaçy kärendeçiniň habar berşi ýaly, ol bu meýdandan meýilnama boýunça 37,8 tonna bugdaý tabşyrmaly. Ýöne, bol hasyl ösdürip ýetişdiren daýhan kärende ýerinden 84 tonna ak bugdaý almagy meýilleşdirýär. Bu bolsa her gektardan alynýan hasylyň 40 sentner boljakdygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylara zähmetde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumyna tarap ugrady. Döwrebap ýyladyşhana toplumynyň ýanynda milli Liderimizi «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Isaguly Garabaýew garşylady.
Hususy kärhananyň ýolbaşçysy döredilýän ähli mümkinçilikler we şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýyladyşhananyň işiniň awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu ýerde ýylda 2 müň 500 tonna pomidor, 20 tonna ýertudanasy, 4 tonna bolgar burçy ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada häzirki wagtda 120 işgär zähmet çekýär.

Döwletimiz mundan beýläk hem daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň durmuş üpjünçiligi üçin ähli şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen hasyly eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy hem-de kärhananyň ýolbaşçysyna şunuň bilen bagly döwlet tarapyndan daşary bazarlarda öz önümlerimizi ýerlemekleri üçin hususy telekeçilerimize elmydama goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.