Halkara festiwal


Halkara festiwal



Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň, senetkärleriň, ussalaryň, halkyň çeper döredijiligi bilen meşgullanýan mirasgärleriň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralar, festiwallar, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler dostlukly halklaryň arasynda ýola goýlan hoşniýetli hyzmatdaşlygy täze belentliklere göterýär. Ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly hem dünýä halklary bilen dostluk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu halkara festiwalyň çäginde guraljak amaly-haşam sungatynyň, senetçilik önümleriniň sergisi, ylmy-amaly maslahat, lybaslaryň görkezilişi, daşary ýurtly senetçileriň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy hem-de ussatlyk sapaklary oňa gatnaşyjylarda has-da ýakymly täsirleri galdyrar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hiç haçan gymmatyny ýitirmejek mirasy bolan milli senetçiligini ösdürmek, onuň dünýä medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, ussalarymyzyň, senetkärlerimiziň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen dowam etdirmek ugrunda uly işler alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!



Ogultäç HOJANAZAROWA.