Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27-nji sentýabrda türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy.
...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň harby gullukçylary nyzama düzüldi. Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münbere çykýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri tarapyndan dabaraly saz çalynýar.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaraly harby ýörişden başlanýar. Onuň barşynda eziz Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döwletimiziň mukaddes serhetleriniň hem-de özygtyýarlylygynyň gazananlarynyň goragynda duran Watan goragçylarynyň ýokary hünär derejesi görkezildi.
Şeýlelikde, zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň we çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly senesiniň ajaýyp üstünlikler bilen garşylanandygyny we täze zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly geljekki üstünlikleriň ygtybarly binýadynyň goýlandygyny görkezdi.
Watanymyzyň merkezinde başlanan baýramçylyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden dowam etdi. Ählihalk toýy türkmen topragynyň hemme ýerlerini gurşap aldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. Täze taryhy eýýamyň baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolan feýerwerk ak mermerli Aşgabadyň agşamky asmanynda dürli reňkler bilen nur saçdy.