TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI



25-nji awgustda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Türk­me­nista­nyň Ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­ýän adat­dan da­şa­ry to­pa­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne we bu ugur­da öň­de dur­ýan il­kin­ji de­re­je­li we­zi­pe­le­re ga­ral­dy. Mej­li­se hö­kü­met ag­za­la­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şiniň ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dakla­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýolbaş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri we beý­le­ki ýol­baş­çy­lar ça­gy­ryl­dy.